Italiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Milan we Kortina şäherlerinde XXV gyşky Olimpiýa oýunlary uly dabaralara we ýokary sport netijelerine beslenip dowam edýär. Geçen anna güni resmi açylyş dabarasy bilen badalga alan Olimpiadanyň ilkinji günleri konkili typmak sportunda dünýä derejesindäki rekordlaryň şatygatçysy boldy.

Konkili typmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurdy bolan Niderlandlaryň meşhur türgeni Ýutta Lerdam öz sport ýolundaky ilkinji Olimpiýa altyn medalyny uly üstünlik bilen gazandy. 27 ýaşyndaky türgen 1000 metr aralygy 1 minut 12,31 sekuntda geçip, diňe bir altyn medala eýe bolman, eýsem täze Olimpiýa rekordyny hem goýmagy başardy. Ýatladyp geçsek, Lerdam mundan ozalky "Pekin-2022" Olimpiadasynda kümüş medal bilen çäklenipdi. Bu ugurda öňki iki Olimpiadanyň çempiony bolan niderland Suzanna Shulting bolsa, bu gezekki ýaryşda sekiznji orny eýeledi.

Ýaryşyň ýene bir şowhunly pursady 3000 metr aralyga ylgamakda hasaba alyndy. Ýer eýeleriniň wekili, italiýaly türgen Françeska Lollobrijida 3 minut 54,28 sekunt netije görkezip, pellehana birinji bolup geldi. Bu görkeziji bilen ol hem täze Olimpiýa rekordyny täzeledi. Lollobrijidanyň bu ýeňşi Italiýanyň şu gezekki Olimpiadada gazanan ilkinji altyn medaly hökmünde taryha girdi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bu taryhy ýeňşiň has-da täsirli tarapy, altyn medalyň türgeniň 35 ýaşynyň doglan gününde gazanylmagydyr. Françeska Lollobrijida özüniň doglan gününe iň uly sowgat bolan bu ýeňşini 2,5 ýaşyndaky ogly Tommaso bilen bilelikde dabaralandyrdy.