Merkezi Aziýanyň sport taryhynda ilkinji gezek «suwdaky Formula-1» ady bilen tanalýan F1H2O dünýä çempionatynyň tapgyry geçirildi. Yssyk-kölde suw motor sporty boýunça Gyrgyzystan Gran-prisiniň dabaraly açylyş dabarasy guraldy.
Ýaryşyň açylyş dabarasyna Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri gatnaşdylar. Liderler ýaryşa gatnaşyjylary we myhmanlary gutladylar.
Yssyk-kölde geçirilen Gran-pri Halkara suw motor sporty bileleşiginiň howandarlygynda geçirilýän F1H2O dünýä çempionatynyň ikinji tapgyry bolup durýar. Bu ýaryşlar ýokary derejeli halkara sport çäresi hökmünde her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan professional toparlary we türgenleri bir ýere jemleýär.
F1H2O çempionatynyň Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilmegi sebitiň sport taryhynda möhüm waka boldy. Ýaryşyň maksatnamasyna türgenleşikler, saýlama tapgyry we sagatda 220 kilometrden gowrak tizlik bilen hereket edýän ýokary tizlikli gaýyklardaky esasy bäsleşik girýär. Yssyk-köldäki bu halkara ýaryş dünýäniň iň güýçli suw motor sporty ussatlaryny bir ýere jemläp, tomaşaçylara ýokary tizlikli we täsirli sport pursatlaryny sowgat edýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.