Döwletler bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak, gadymdan gelýän dostlukly hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de ýurtlarymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. Şeýle işleri amal etmekde parlament edaralaryna uly orun degişlidir. Bu kanun çykaryjy edara halkyň, döwletiň, dünýäniň bähbidine gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär.
Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler bilen bir hatarda, parlamentara dialog hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, özara gatnaşyklary giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda parlamentara dostluk toparlaryna uly orun degişlidir.
Olaryň işi halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyz dünýä giňişliginde “ Dialog – parahatçylygyň kepili” atly täze filosofiýany öňe sürdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi. 86 döwlet bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle hem Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin milli şeýle hem halkara derejedäki işleri durmuşa geçirmegi maksat edinýändigini belläp geçdi.
Kakamyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.