Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi halkymyzyň ruhy mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur alsak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, içgin öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýäris. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!» diýip belleýär. Çünki jemgyýetiň ruhy kämilligi onuň ahlak we aň sagdynlygyny aňladýar. Ruhy kämillik hakyky medeniýetliligiň baş görkezijisidir. Şoňa görä-de, şu gezekki Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Leýli-Mejnun» operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Medeniýete sarpa — Watana sarpa. Çünki ähli zadyň, ähli ulgamyň, ähli belentlikleriň sakasynda medeniýet bar. Diýmek, Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem medeniýeti, sungaty, sözi ýene bir ýola has belentden sarpalamaga döredilen mümkinçilikdir. Hepdeligiň çäklerinde häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýän çäreleriň meýilleşdirilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň beýanydyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Her ýyl bolşy ýaly, bu gezekki medeni forum hem jemgyýetimiziň sungata bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny, döredijilik başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Ýürekleri birleşdirip, duýgulary sözleşdirýän baýram — Medeniýet hepdeligi, sözüň doly manysynda, medeniýetiň, sungatyň baýramydyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýetiniň at-owazasy has-da belende galsyn!

Roza NARZULLAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň II ýyl talyby.