Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň esasy bölegi bolup gelipdir. Bu gymmatlyklar türkmen edebiýatynda hem giňden beýan edilip, ýazyjy-şahyrlar tarapyndan ynsan häsiýetiniň möhüm tarapy hökmünde görkezilipdir.
Türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde maşgala, doganlyk, agzybirlik we ahlak terbiýesi baradaky pikirler aýratyn orun eýeleýär. Şahyr öz goşgularynda adamlary birek-birege hormat goýup ýaşamaga, ýagşy gylykly bolmaga çagyrýar. Magtymgulynyň eserlerinde maşgala diňe bir öý-ojak hökmünde däl-de, eýsem, halkyň agzybirliginiň we ruhy sagdynlygynyň binýady hökmünde görkezilýär.
Türkmen klassyky edebiýatynyň wekilleriniň biri Döwletmämmet Azadynyň eserlerinde hem maşgala terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Onuň «Wagzy-Azat» eserinde perzent terbiýesi, ata-enä hormat, ahlakly ýaşamak ýaly meseleler öňe sürülýär. Şahyr üçin maşgalada berilýän terbiýe adamyň geljekki durmuşyny kesgitleýän esasy güýçleriň biridir. XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Mollanepesiň döredijiliginde hem söýgi, wepalylyk, ynsan gözelligi ýaly düşünjeler bilen birlikde maşgala gatnaşyklarynyň ruhy taraplary şöhlelendirilýär. Onuň «Zöhre-Tahyr» dessanynda söýgi, wepalylyk, ene-ata garaýşy ýaly meseleler çeper beýan edilýär.
XX asyr türkmen edebiýatynda maşgala temasy has-da giň gerim aldy. Berdi Kerbabaýewiň eserlerinde türkmen halkynyň durmuş ýagdaýy, däp-dessurlary, maşgala gatnaşyklary dürli keşpler arkaly görkezilýär. Ýazyjynyň «Aýgytly ädim» romanynda gahrymanlaryň durmuş ýollary, olaryň maşgala, jemgyýet we halk öňündäki jogapkärçiligi giňden beýan edilýär. Ýazyjy Hydyr Derýaýewiň eserlerinde hem maşgala we terbiýe meselesi möhüm orun eýeleýär. Onuň «Ykbal» romanynda adamyň ykbaly, maşgala gatnaşyklary, durmuş synaglary arkaly gahrymanlaryň ruhy dünýäsi açylyp görkezilýär.
Häzirki zaman türkmen edebiýatynda-da maşgala gymmatlygy esasy temalaryň biri bolmagynda galýar. Döwrebap ýazyjy-şahyrlar eserlerinde türkmen maşgalasynyň asylly däplerini, ene-atanyň ornuny, ýaş nesliň terbiýesini wasp edýärler. Bu eserler ýaş nesli milli gymmatlyklara sarpa goýup ýaşamaga çagyrýan gymmatly ruhy mirasdyr. Biz ― kitaphanaçylar milli edebiýatymyzyň şeýle gymmatly eserlerini ýaş nesillere wagyz etmekde mundan beýlägem yhlasymyzy gaýgyrmarys. Ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde nusgalyk görelde bolýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýrozy IMAMOWA,
Döwletli etrabynyň Merkezi kitaphanasynyň Hojahaýran geñeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.