Adamzat ömrüniň iň arassa hem-de geljegiň düýbi tutulýan döwri — çagalyk döwrüdir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ertirki gününiň eýeleri bolan körpeleriň irki ösüşine we olaryň durmuşyň ilkinji uly basgançagy bolan mekdep durmuşyna taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralary diňe bir sowat öwrenilýän ýer bolman, eýsem, kämil şahsyýetiň, sagdyn bedeniň we ruhy dünýäniň kemala gelýän mukaddes ojagydyr. Bu asylly işiň gözbaşynda duran terbiýeçiler hökmünde körpeleriň aň-bilim we beden taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam etmek biziň baş wezipämizdir.
Körpeleriň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, iş tejribämizde diňe bir standart kadalar bilen çäklenmän, okuw-terbiýeçilik işlerine döredijilikli çemeleşýäris. Çaganyň geljekki üstünlikleriniň binýady durnukly gurulmalydyr. Şonuň üçin hem bakja-bagymyzdaky gündelik işleri — irki maşklary, gyzykly gezelençleri, hereketli oýunlary we sport bäsleşiklerini sagdyn durmuş ýörelgesiniň amaly nusgasy hökmünde gurap, her bir pursady çaganyň saglygyny berkitmäge gönükdirýäris.
Terbiýe — bu diňe bir bilim bermek däl, eýsem, kalba ynsanperwerlik tohumyny ekmekdir. Biz öz işimizde çagalaryň aňyna milli gahrymançylygy, zähmetsöýerligi, halallygy hem-de dostlugy guýmaga çalyşýarys. Halkymyzyň asyrlar boýy kämilleşip gelen asylly ýol-ýörelgeleri bilen häzirki zaman dünýägaraşyny utgaşdyrmak arkaly, körpeleriň dünýäsini baýlaşdyrýarys. Dürli bäsleşikler, säherlikler we döredijilik çäreleri bolsa her bir çaganyň zehin uçgunlaryny ýüze çykarmaga, olaryň ukybyny ösdürmäge giň ýol açýar.
Mekdebe çenli döwlet bilim standartlaryna laýyklykda alyp barýan işlerimiz maşgala we mekdep integrasiýasy bilen has-da kämilleşýär. Ata-eneler bilen guralýan bilelikdäki çäreler hem-de mekdep bilen ýola goýulýan yzygiderli gatnaşyklar, çagalaryň jemgyýetde öz ornuny tapýan, hünäre ukyply şahsyýetler bolup ýetişmegine berk itergi berýär. Nesil hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwüren, bize milli gymmatlyklara ýugrulan kämil nesli terbiýelemäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Bahargül AÇILOWA,
Çärjew etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.