Ylym-bilim ojagynyň esasy binýady kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Kitap hakynda «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle diýilýär: «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär». Şeýle hem bu kitapda «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz» ýaly nakyllar, dürdäne jümleler bar.
Medeniýet ulgamynyň aýratyn ugry bolan kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek, bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme maksatnamalar kabul edildi. «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda kitaphana işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, durmuş esaslaryny kesgitleýän, her bir raýatyň maglumata, bilimlere bolan erkin elýeterliligini, kitaphanalarda saklanylýan milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlyklaryna, ylym-bilime goşulmaga hukugyny kepillendirýän, kitaphana ulgamynyň döredilmegini we işlemegini üpjün etmek, kitaphanalardan peýdalanyjylara kitaphana hyzmatynyň guralyşy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy hukuk resminamasydyr.
Medeni mirasymyza çuňňur sarpa goýup, ýaş nesillere kämil bilim-terbiýe bermekde ägirt uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Watanymyzy özgertmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara we üstünliklere beslensin!
Göwher MÖWLAMOWA,
Hojambaz etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.