Kitap adamzat ýaşaýşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, maglumatlaryň tükeniksiz çeşmesidir, geçmişi geljek bilen birleşdirýän köprüdir, beýik akyldarlaryň, danalaryň, parasatly gojalaryň... dürdäne setirlerinden döräp, bize terbiýe sapagyny berýän, basgançaklary gutarmaýan beýik bir ymaratdyr. Durmuşda dogry ýoly salgy berýän dost kitapdyr. Ol bilimiň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňemegine täsir edýär.
Kitap — ruhy hazyna, paýhas çeşmesi. Onuň adama edep-terbiýe bermekde ýetirýän peýdasy gaty uludyr. Kitap barada edebiýatymyzda uly yz galdyran ýazyjydyr şahyrlarymyz ajaýyp jümleleri bize miras galdyrypdyrlar. Halypalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözlerini özünde jemleýän kitaplarda durmuş pursatlary, edep-terbiýe, ylym-bilim... hakda örän jaýdar pikirler beýan edilýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz kitaba aýratyn uly hormat goýup, türkmen halk döredijiligine degişli ençeme eserleri, dessanlary, şadessanlary we nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ajaýyp eserlerini gaýtadan neşir etdirip, kitapsöýüji halkymyza sowgat berdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde kaşaň kitaphana binalary guruldy. Olarda okyjylar üçin amatly şertler döredildi. Şol kitaphanalar kitaplaryň täze neşirleri, elektron kitaplar, internet ulgamy bilen üpjün edildi.
Okamak, öwrenmek uly bagtdyr. Ýaş nesillere ylym-bilim almaga, sowadyny artdyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nargiza HUDAÝBERGENOWA,
Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.