Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mugallymlar, talyp ýaşlar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagynda ýaş nesliň kitap okamagynyň ähmiýetine aýratyn üns berdi. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmençilikde perzendiň kitaba bolan söýgüsi maşgaladan başlanýar. Ýaşlar şöhratly taryhymyzy, baý edebi mirasymyzy beýan edýän eserleri okamagy endik edinmelidir» diýip belläp, ýaşlaryň ruhy ösüşinde kitabyň ornunyň örän uludygyny nygtady.

Hakykatdan-da, kitap okaýan adam diňe bir bilim alman, eýsem, pikirlenmek, seljermek, durmuş wakalaryna giň gözýetim bilen garamak ukybyny ösdürýär. Şöhratly taryhymyzy, edebi mirasymyzy, beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoluny öwrenmek ýaşlarda milli buýsanjy, watansöýüjilik duýgusyny we ruhy kämilligi kemala getirýär. Her bir okalan eser ynsanyň içki dünýäsine täze öwüşgin, täze düşünje goşýar.

Türkmen halkynyň «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Okadym diýme, bildim diý!», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen pähimleri hem kitabyň adam durmuşyndaky ähmiýetini açyp görkezýär. Kitap bilen dostlaşan ýaş nesil diňe bir öz bilim derejesini ýokarlandyrman, eýsem, döredijilikli pikirlenýän, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýet bolup ýetişýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Kitap ynsanyň aňyny baýlaşdyrýan, kalbyny kämilleşdirýän, dünýägaraýşyny giňeldýän mukaddes gymmatlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem ýaşlaryň arasynda kitap okamak medeniýetini ösdürmek, olarda edebi mirasymyza söýgi döretmek möhüm wezipeleriň biridir. Maşgala ojagynda başlanan kitaba bolan söýgi mekdepde, ýokary okuw mekdebinde has-da kämilleşip, ýaşlaryň ömür ýolunda hemişelik ruhy daýanja öwrülýär. Kitap — ynsanyň iň ýakyn dosty, onuň akyl-paýhasyny ösdürýän we geljegine ýagty ýol açýan egsilmez hazynadyr.

Gözel ANNAÝEWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.