Bilimli, ylym öwrenmäge höwesli ýaşlar ata Watanymyzyň nurana geljeginiň, ýagty ertirleriniň eýeleridir. Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara talaplara we hil ölçeglerine laýyk gelýän bilim almagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsandyryjydyr. 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde biziň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigi barada aýdylmagy okamaga, öwrenmäge höwesli talyp deň-duşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. 

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda gurluşygyna badalga berlen institutyň täze binalar toplumynyň gurluşygyny şu ýylyň sentýabr aýyna çenli tamamlamak maksat edinilýär. Tutýan meýdany 26 gektar çemesi bolan bu döwrebap desgada alnyp barylýan depginli işler bu maksada üstünlikli ýetiljekdigine ynamy artdyrýar. Binagärlik sungatynyň döwrebap we milli nusgalarynyň özara sazlaşygy esasynda gurulýan ymaratlar toplumynda talyplaryň häzirki zaman ylmynyň çuňluklaryna aralaşmaklary, medeniýetli dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak babatdaky işler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nahal» hojalyk jemgyýeti tarapyndan yzygiderli ýerine ýetirilip gelinýär. Ýeri gelende, bu hojalyk jemgyýetiniň Diýarymyzyň gündogar sebitinde ozal hem iri gurluşyk taslamalarynyň birnäçesini üstünlikli amala aşyrandygyny bellemek gerek.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Biz ― talyp ýaşlara şeýle döwrebap, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýäniň halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ýokary okuw mekdeplerinde okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Nurmyrat AŞYROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.