Mukaddes Remezan aýynyň hormatyna Müsüriň paýtagty Kairde giň gerimli baýramçylyk çäreleri gurnaldy. Bu çäreler üçin El-Matariýa etrabynyň 20 köçesine uzaýan baýramçylyk saçagy taýýarlanyldy.

Bu däp El-Matariya etrabynda 13 ýyl mundan ozal başlanypdyr. Meýdançalarda gün ýaşandan soň, iýilýän iýmitler — iftar üçin taýýarlanýar.

Köçelerde giňden ýaýran baýramçylyk ruhy höküm sürdi. Adamlar birek-biregi gutladylar, aýdym-saz ýaňlandy. Daşary ýurtly myhmanlary hem mähirli garşy aldylar we iftar tagamlaryndan dadyp görmäge çagyryldy. Ähli tagamlar ýerli ýaşaýjylar tarapyndan taýýarlanyldy.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Baýramçylyk çärelerine takmynan 50 müňe golaý adam gatnaşdy.