Gadymy döwrüň akyldarlary jemgyýete aýratyn adamlaryň ýö­ne keý köplügi hökmünde düşünipdirler. Hakykatda welin, jemgyýetiň düzümi iňňän çylşyrymly. Oňa adamlaryň dürli göwrümli, ululy­kiçili toparlary girýär. Olara umumylykda sosial toparlar diýilýär.

Jemgyýetiň iň kiçi düzüm bölegi maşgala hasaplanylýar. Her bir täze dünýä inen çaga ilki maşgala kollektiwine girýär, soňra ol barha ulaldygyça, haýsydyr bir okuw we zähmet kollektiwine, dürli görnüş­li resmi we resmi däl toparlara girip başlaýar.

Islendik kollektiwde hem oňa girýän adamlaryň arasynda dürli derejedäki gatnaşyklar emele gelýär. Mysal üçin, maşgalada ene­atalary bilen olaryň çagalarynyň arasyndaky gatnaşyklar, mekdep kollektiwin­de – mugallymlar bilen okuwçylaryň arasyndaky gatnaşyklar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Uly sosial toparlar biri­birlerinden ol ýa­da beýleki bir alamat la ry boýunça tapawutlandyrylýar. Mysal üçin, jynsyna görä adamlar aýal­lara we erkeklere, synpy aýratynlyklaryna görä gullara, gul eýelerine, daýhanlara, hünärmentlere, işçilere, milli aýratynlyklaryna görä – dürli halklara we milletlere degişli edilýär.

Adamlaryň dürli toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň dürli gör­nüşleri ýüze çykýar. Jemgyýet – bu adamlaryň özara gatnaşyklarda bolan umumylygydyr. Jemgyýeti gatnaşyklarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu gatnaşyklara umumy häsiýetde jemgyýetçilik gatna­şyklary diýilýär.

Jemgyýetçilik gatnaşyklary dürli­dürlüdir. Mysal üçin, harytlary öndürmek, ýerlemek we alyş­çalyş etmek ýaly gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň görnüşleri bolsa, milletleriň, nesilleriň, ene­atalar bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklar sosial gatnaşyklaryň görnüşleridir.

Sosial filosofiýada jemgyýete sistema hökmündegaralýar we bu sistemanyň esasy elementleri hökmünde jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň bolup geçýän dört sany gurşawy, ýagny jemgyýetçilik durmuşynyň dört sany gurşawy (tarapy) – ykdysady gurşaw, syýasy gurşaw, sosial gurşaw we ruhy­medeni gurşaw kabul edilendir.

Läle TAŞOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby