Biziň ýaşaýan we bizi gurşap alýan goja Zemin özüniň ajaýyp tebigaty, reňbe-reň pasyllary, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen gözeldir. Halk arasynda tebigata we durnukly ekologiýa bolan söýgi hemişe birinji orunda durýar. Çünki Zeminiň asyl görki – onuň arassa howasy, ýaşyl baýlygy we jana şypaly tebigatydyr. Bahar paslynda al-ýaşyl bolup açylýan bägüller, çigildemler we saýaly baglar Günüň nurly çogy, Zeminiň nury hasaplanýar.

Arassa akabalarymyz dury kölleriň we deňizleriň mawy suwlarynyň tebigat bilen sazlaşygydyr. Bu düşünje barlygyň ähli öwüşginlerini özünde jemleýän umumy sazlaşykdyr. Topragyň astyndaky köklerden başlap, asmanyň gatyndaky ýyldyzlara çenli her bir zat bu uly keşbiň bir bölegidir.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda hem ýaşyl zolaklaryň döredilmegine, bagy-bossanlyga uly üns berilýär. Her ýylda millionlarça nahallaryň oturdylmagy, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi eziz Diýarymyzyň we tutuş Ýer togalagynyň görküni has-da artdyrýar. Zeminiň gözelligini dowam etdirmek we gorap saklamak gönüden-göni adamyň barlygyna baglydyr. «Ýaşyl ykdysadyýet», ekologiýany goramak baradaky netijeli başlangyçlar Ýer togalagynyň ömrüni uzaltmaga we onuň görküni saklamaga ýardam edýär. Çünki tebigat ynsansyz hem ýaşap biler, ýöne ynsan tebigatsyz ýaşap bilmez.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Gözel sähralarymyz, belent daglarymyz, şaglap akýan çeşmelerimiz we ýaşyl baglarymyz bu dünýäniň iň uly we hakyky bezegidir. Zeminiň görki bolan tebigatymyzy gözüň göreji ýaly gorap saklamak hemmämiziň borjumyzdyr.

Tyllagül GYLLYÝEWA

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby