Keseliň gizlin döwri itlerde 6–9 gün, sütükli haýwanlarda 10–20 gün we ondan hem köpräk bolýar, eks­perimental gepatitde bolsa 2–6 güne deň bolýar. Keseliň ýyldyrym çaltlygyndaky, ýiti, dowamly (hroniki) geçişini we latent görnüşini tapawutlandyrmak bolýar. Keseliň klinki alamatlary köplenç 1,5–3 aýlyk ýaş mallarda ýüze çykýar.

Kesel ýyldyrym çaltlygynda geçende, haýwan titremek alamaty bilen birden ölýär.

Kesel ýiti geçende sussupeslik, işdäsizlik, suwsamak (teşnelik), gusmaklyk (öt gatançly), içgeçme (diareýa), bedeniň temperaturasy­nyň birden 40,5–41,7°C ýokary galmagy, eňegiň aşagyndaky limfa mäzleriniň ulalmagy, bokurdak mäzleriniň alawlanmasy (tonzillit), rinit, konýunktiwit ýüze çykýar. Haýwanyň art aýaklary gowşaýar, döşüň gylyç şekilli ösüntgisini, garnyň töweregini basyp görseň yza­ly bolýar, bagyr ulalýar. Keseliň 6–10­njy günleri 20–50% keselli haýwanlaryň gözüniň perdesi çalarýar (dury däl). Ýiti geçende, ke­ratit birnäçe günden aýrylýar. Hroniki geçende keratit uzak wagt dowam edýär. Käbir halatlarda nemli bardalarynyň sarydygyny, dişiň etinde gan çykyndylarynyň we ýaralaryň bardygyny, deriniň aşagyndaky gatlakda suwly çişi, titremeleri, ysmazlygy görmek bol­ýar. Gan keseliň başynda barlananda leýkopeniýe, kesel beterlände bolsa leýkositoz anyklanýar. Kesel adatça 2–4 gün dowam edýär, käwagt bolsa 2 hepdä çekmegi mümkin. Haýwan keselden gutulyp barýan döwri hem nerw ulgamynyň zeperlenmek alamatlarynyň ýüze çykmagy mümkin.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Keseliň dowamly (hroniki) geçişi, esasan, uly ýaşly haýwan­larda ýa­da keseliň stasionar epizootiki ojaklarynda duşýar. Hro­niki gepatitde keseliň alamatlary oňa mahsus we anyk bolmaýar. Köplenç malyň horlanandygyny, üýtgäp durýan ysytmany, azgan­lylygy, gastroenteriti, deriasty suwly çişmäni, kelläniň, myşsalaryň nekrozlaşmasyny görmek bolýar. Kesel gizlin görnüşde geçende ala­matlar ýüze çykman, diňe wirusyň bölüp çykarylmagy bilen geçýär, emma amatsyz şertler dörese, bedeniň durnuklylygy peselse, keseliň ýüze çykmagy ähtimaldyr.

Tilkilerde keseliň geçişi merkezi nerw ulgamynyň zeperlenmegi, ysmazlygy bilen tapawutlanýar. Kesel başlanandan soň, 2–3 günden ýaş haýwanlaryň 50%­e çenlisi, uly ýaşyndaky ýyrtyjylaryň 10%­e çenlisi ölýärler. Tutgy, adatça uzak dowam etmeýär (3–5 min), gün içinde birnäçe gezek bolýar. Onuň aralygynda haýwanlarda sussupes­lik bellenýär, olar zordan hereket edýärler. Käwagt deride gijilewük döreýär, iýmit siňdirmek bozulýar, keratit ýüze çykýar.

Döwranmuhammet ATAGARRYÝEW
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby