Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim syýasaty halkymyzyň ruhy ýörelgelerini kämilleşdirmegiň, ýaş nesli hemmetaraplaýyn sagdyn we kämil şahsyýetler edip ýetişdirmegiň kuwwatly guralyna öwrüldi. Bu ulgam döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän we jemgyýeti öňe alyp barýan esasy hereketlendiriji güýçdür. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösmeginde sanly bilim wajyp orun eýeleýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär. Bu babatda ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda bilim edaralarynyň mugallymlarynyň sanly başarnyklaryny kämilleşdirmek işine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda sanly ulgam arkaly mugallymlar üçin onlaýn bilim bermek, emeli aň, uly göwrümli maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, sanly ykdysadyýet, elektron resminama dolanyşygy, «e-Mekdep» ulgamy, innowasion tehnologiýalar, kiberhowpsuzlygyň esaslary boýunça okuw maslahatlary yzygiderli guralýar. Bu ugurdaky özgertmeler bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga we milli ylym-bilim ulgamynyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Jemläp aýdanyňda, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zähmet bazarynyň zerurlyklary üçin ussat hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Kemal ÝARAŞOW,
Halaç etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap geňeşiniň işjeň agzasy.