Şu günki sanlylaşan dünýäde daşary ýurt dillerini bilmek, aýratyn-da iňlis diline erk etmek durmuşyň iň möhüm talaplarynyň birine öwrüldi. «Dil bilen — il biler» diýen pähime eýerýän halkymyz üçin iňlis dili dünýä medeniýetine, ylmyna we tehnologiýasyna çykmak üçin iň gysga ýoldur.

Orta mekdeplerimizde iňlis dili dersi diňe bir grammatikany öwretmek däl, eýsem, okuwçylaryň sözleýiş ukybyny ösdürmäge gönükdirilendir. Mugallym hökmünde biz interaktiw usullary işjeň ulanyp, oýunlar, aragatnaşyk maşklary we iňlis dilindäki diskussiýalar arkaly dil bilimini kämilleşdirýäris. Multimedia serişdeleri hem netijeli bolup, iňlis dilindäki wideolary, audio diňlemeleri we sanly platformalary ulanmak arkaly diliň janly sesini okuwçylara ýetirýäris.

Häzirki wagtda dünýädäki ylmy makalalaryň we maglumatlaryň köpüsi iňlis dilinde. Dili bilmek — dünýäniň iň uly kitaphanalaryna we uniwersitetlerine elýeterlilik diýmekdir. Häzirki zaman kompýuter dilleri, internet we IT tehnologiýalary iňlis diline esaslanýar. Bu dili bilýän ýaşlar sanly dünýäde has ynamly ädim ädýärler.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda döwrebap dil merkezleri ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edip, olar iň soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara okuw maksatnamalary we tejribe alşyklary yzygiderli geçirilýär.

Şeýlelikde, iňlis dilini öwrenmek diňe bir täze sözleri ýat tutmak däl, eýsem, dünýä täzeçe garaýyş bilen seretmekdir. Biz ― mugallymlar hökmünde ýaşlarymyzyň dünýä derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi we ata Watanymyzyň halkara araýyny artdyrmaklary üçin ähli tagallalary edýäris. Çünki dil öwrenmek dünýä seretmek üçin ýene bir penjiräniň bolmagydyr.

Göwher MAHMUDOWA,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.