ABŞ-nyň Tehas ştatynda geljekki nesil ýarymgeçiriji tehnologiýalaryny ösdürmäge niýetlenen «Advanced Technology Chip Fab» (ATCF) gözleg merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Internetde peýda bolan täze howadan düşürilen suratlar we wideolar taslamanyň geriminiň artýandygyny görkezýär. Bu barada Ixbt.com habar berýär.

Giga Texas we Starbase kosmodromynyň gurluşygyny yzygiderli yzarlaýan bloger Joe Tegtmeyer tarapyndan paýlaşylan maglumatlarda täze toplumyň häzirki ýagdaýy görünýär. Häzirki wagtda gurluşyk meýdançasynda binýady taýýarlamak işleri alnyp barylýar, gurluşyk materiallary getirilýär we indiki tapgyr üçin taýýarlyk görülýär.

ATCF taslamasy Ilon Maskyň emeli aň çiplerini döretmäge gönükdirilen uly göwrümli Terafab başlangyjynyň ilkinji tapgyry hasaplanýar. Maglumatlara görä, bu ýarymgeçiriji toplumyny döretmekde «Tesla», «SpaceX», «xAI» we «Intel» kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy göz öňünde tutulýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Taslamanyň ilkinji tapgyry üçin maýa goýumlaryň takmynan 55 milliard dollar bolmagyna garaşylýar. Doly kuwwata çykarylandan soň umumy maýa goýumlaryň möçberi 119 milliard dollara ýetip biler. Bu bolsa dünýä senagatyndaky iň uly tehnologiýa başlangyçlarynyň birine öwrülip biler.

ATCF merkezinde logiki çipleri, ýady we mikroshemalaryň häzirki zaman gaplama tehnologiýalaryny bir önümçilik siklinde birleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde öndüriljek emeli aň tizlendirijileri «Tesla» elektromobillerinde, robotaksilerde, Optimus gumanid robotlarynda we emeli aň maglumat merkezlerinde ulanylar.

Mundan öň ASML kompaniýasynyň baş direktory Kristof Fouquet Ilon Mask bilen dünýäniň iň uly ýarymgeçiriji önümçilik merkezleriniň birini döretmek boýunça gepleşikler geçirendigini tassyklapdy. Täze infrastruktura geljekde kosmos we ýerüsti taslamalary ýokary öndürijilikli çipler bilen üpjün etmekde möhüm rol oýnap biler.

«THE ASHGABAT TIMES».