Ilkinji kömek adamy zeperleýji faktoryň täsirlerinden aýyrmaklygy (zeper ýeteni ýykylan, ýumrulan galyndylaryň aşagyndan çy­karmak, ýangynyň içinden ýa­da suwdan çykarmak, elektrik toguň, zäherleýji gazyň täsirinden aýyrmak) öz içine alýar. Şeýle kömek, köplenç halatlarda öz­özüňe, birek­birege ýa­da ýörite taýýarlyklary bolan adamlar (lukmançylyk bilimi bar bolan adamlar, harbylar, polisiýa işgärleri) tarapyndan berilýär. Şeýle­de ilkinji kömegi bermeklik köp edara­kärhanalarda sürüjilere we ýangyna garşy gullugyň işgärlerine öwredilýär.

Dürli ýagdaýlarda ýaşaýyş üçin wajyp amala aşyrmaly işleriň sanawy bardyr. Olara dem alyş ýollaryny arassalamak, öýkenlere emeli dem bermek, ýüregiň göni däl massažy, wagtlaýyn gan saklamak, elýeter zatlar bilen ahyrlary hereketsizlendirmek degişlidir.

Lukmana çenli ilkinji kömek lukmançylyk işgärleri tarapyndan hadysanyň bolan ýerinde, ýolda we hassahanada lukman gelýänçä dowam etdirilýär. Şeýle ýagdaýlarda lukmançylyk işgärleri (prowi­zorlar, farmasewtler, laborantlar, orta lukmançylyk işgärleri) rea­nimasiýa çärelerini, wagtlaýyn gan saklamaklygy, dürli derman serişdelerini sanjym etmegi, ulag şinalary goýmaklygy, ýaralara sargy etmekligi, zäherlere garşy serişdeleri goýbermekligi amala aşyrýarlar. Lukmana çenli ilkinji kömegi bermekde amala aşyrylýan işleriň esasylarynyň biri hem şikes ýeteni dogry we çalt hassahana eltmek bolup durýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Prowizorlara we farmasewtlere lukmana çenli ilkinji kömegiň esasy amala aşyrmaly işleri öwredilende olara patologiki ýagdaýlarda ýüze çykýan keseliň akymyny we kliniki ýüze çykmalaryny göz öňünde tutmalydyr. Şeýle ýagdaýlar ulularda we çagalarda ýaşaýyş üçin howp salýan iç kesellerinde, hirurgik, ginekologik, newrologik kesellerde ýüze çykyp tizden­tiz hereket etmekligi talap edýändir.

Begli MAMMEDOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň uly mugallymy