Parasatly pederlerimiz: «Saglygym — begligim», «Bar zadyň sakasy saglyk» diýip, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bahasyz baýlyk hasaplapdyrlar. Täze taryhy döwrümizde şeýle asylly ýol-ýörelgeleriň Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändigi ählimizi diýseň buýsandyrýar. Çünki ilatyň saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen hem-de häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda netijeli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Ýeri gelende bellesek, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, täze, döwrebap derman kärhanalary gurlup işe girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy munuň aýdyň beýany bolup, kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýär. Bu sözler adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygyny alamatlandyryp, kalbymyza aýratyn ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Goý, berkarar döwletimizi gülläp ösüşiň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzyň saglygyny, ýaşaýyş-durmuşyny ähli zatdan ileri tutýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Omar GURBANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Ýangyn-tehniki fakultetiniň Ýangyn-taktiki kafedrasynyň mugallymy, içerki gullugyň maýory.