Moskwada geçirilen çaý sergisine gatnaşan hytaý çaý kompaniýalarynyň wekilleri «RIA Nowosti»-da näme üçin çaý haltajyklaryny içmeýändiklerini düşündirdiler.

«Fujian Ningde Qianyi Çaý Co.» kompaniýasynyň hünärmeni Fu Ibiniň pikiriçe, hytaýly sarp edijiler çaý taýýarlamaga çynlakaý çemeleşýärler. Ol: «Çaý ýapraklary täze möwsümden bolmaly, biz olaryň açylyşyny görmeli, ysyny duýmaly» diýip, diňe şondan soň çaý taýýarlanylýandygyny aýtdy.

Bilermen: «Haltajykly çaýa düşünemok. Haýsy ýylda ösendigini, haýsy ýapragyň, nähili açylandygyny bilemok we ysyny duýamok» diýdi. Şeýle-de ol: «Hytaýda her çaýyň öz orny, maksady bar we her çaý ýapragynyň saglyga peýdasy bar» diýdi. Moskwadaky hytaý çaý satyjysy Raisa Zhangang hem: «Olara näme goýlandygy belli däl» diýip, çaý haltajyklaryna negatiw baha berdi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».