Hançžou şäherindäki «Hangzhou Robot School» robotlary okatmak we sertifikatlaşdyrmak bilen meşgullanýar.

Ilkinji «okuwçylaryň» arasynda 16 kompaniýa degişli 30-a golaý gumanoid we dört aýakly robot bar. Olar ilki tehniki synagdan geçirilýär, soňra lukmançylyk, sungat we sport ýaly ugurlarda başarnyk gazanýarlar. Jemleýji synagdan geçen robotlara sertifikat berlip, işe ugrukdyrylýar.

«THE ASHGABAT TIMES».