Bilim ulgamy jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň esasy sütünleriniň biridir. Häzirki döwürde dünýäde ylmyň, tehnologiýanyň we innowasion önümçiligiň çalt depginlerde ösmegi ýokary hünärli, döredijilikli we bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmek, onuň hilini ýokarlandyrmak we halkara derejesine çykarmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» ýurdumyzyň bilim ulgamynyň uzak möhletleýin ösüş ugurlaryny kesgitleýän möhüm maksatnamalaýyn resminama bolup, ýokary bilimde döwrebap özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň baş maksady — häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, giň dünýägaraýyşly, ýokary hünär taýýarlygyna eýe bolan, innowasion pikirlenmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hem ýokary bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakdyr. Munuň üçin okuw meýilnamalary we maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar, täze hünär ugurlary döredilýär, häzirki zaman tehnologiýalary okuw işine giňden ornaşdyrylýar. Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy, elektron okuw serişdeleriniň ösdürilmegi we uzak aralykdan bilim almak mümkinçilikleriniň giňeldilmegi talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Dünýä bilim giňişligine goşulyşmak Strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň abraýly bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, talyplaryň we mugallymlaryň halkara tejribe alyşmalaryna gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Halkara hyzmatdaşlygy arkaly täze bilim usullary öwrenilýär, ylmy taslamalar amala aşyrylýar we türkmen hünärmenleriniň dünýä derejesindäki bilimlere eýe bolmagy üçin mümkinçilikler döredilýär.

Şeýlelikde, ýokary bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň ykdysady, ylmy we medeni ösüşine uly goşant goşar. Bilimli, döredijilikli we ýokary hünärli ýaş nesli taýýarlamak bolsa ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir.

Dürbibi AMANGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetininň BBMweP hünäriniň 106-njy toparynyň talyby.