Dünýäniň ykdysady we tehnologik ösüşiniň barha çaltlanýan häzirki döwürde adam maýasyny ösdürmek islendik döwletiň strategik ugruna öwrülýär. Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasy milli bilim ulgamynyň täze ösüşleriniň aýdyň subutnamasydyr. Bu resminamanyň esasy ugry ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmekden, ylmy taslamalary we täze pikirleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Uzak möhletleýin Strategiýanyň binýatlyk ýörelgesi ylym bilen önümçiligiň arasyndaky amaly arabaglanyşygy täze derejä çykarmakdyr. Öňde goýlan maksatnamalara laýyklykda, talyp diňe bir taýýar dersleri we nazary maglumatlary özleşdiriji bolman, eýsem, önümçilik we ylmy meseleleri çözýän işjeň agza hökmünde kemala gelýär. Sanly ykdysadyýet, emeli intellekt ulgamlary, sanly diplomatiýa, syýasy kommunikasiýa we kiberhowpsuzlyk ýaly döwrebap ugurlar boýunça okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, ýaş hünärmenleriň milli we global zähmet bazarynda möhüm güýç bolmagyny şertlendirýär.

Halkara hyzmatdaşlyk babatda Strategiýanyň ilkinji bäş ýyllyk Meýilnamasy (2026 — 2030) dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri we uniwersitetleri bilen akademik gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu ugurda talyplaryň we professor-mugallymlaryň dünýä dillerini barlaghana hem-de tejribehanalarda amaly taýdan ulanmak ukyby has-da ösdürilýär. Çünki häzirki zaman talyby diňe bir milli çäkde däl, eýsem, döwletimiziň bähbitlerini halkara meýdançalarda ylmy we intellektual taýdan gorap bilýän şahsyýet bolmalydyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ylymdaky täzeçillik, tehnologik kämilleşme we halkara tejribe ahyrky netijede şahsyýetiň bitewüligine tarap ugrukmaly. Strategik resminamada bilimiň her bir basgançagy milli medeni gymmatlyklar we watansöýüjilik ruhy bilen gurşalyp alnandyr. Arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly, döredijilik ukyby ýokary bolan ýaşlar jemgyýetiň durnuklylygynyň hem-de ykdysady ösüşiň esasy kepilidir. Netijede, bu wezipeleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň intellektual kuwwatyny täze derejä göterer.

Hurma ORAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.