Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi hukuk medeniýetiniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi pugtalandyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynyň sazlaşygyny üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ylmy-filosofik kitabynda terbiýäniň on iki görnüşi beýan edilip, şolaryň biri hem syýasy terbiýedir. Haýsy käriň, hünäriň eýesidigine, haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, bu terbiýeleriň her bir ynsan üçin örän ähmiýetlidigini nygtamak bilen, Milli Liderimiz şeýle diýýär: «Durmuş hakdaky düşünjeleriniň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin bu terbiýeleri özleşdirmek, nesilleri kämil terbiýe bilen gurşamak wajyp bolup durýar».
Ýaşlara uly üns berilýän ýurdumyzda jemgyýetiň bu gatlagyna ata Watanymyzyň belent ösüşleriniň binýadyny goýjak nesiller hökmünde garalýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ählitaraplaýyn ösdürmegi esasy maksat edinýän kanunlardyr maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak bilen sazlaşykly amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Kanunçylyk namalarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, şeýle-de kanunlaryň taslamalaryna garalanda, ýaşlaryň hem gatnaşmagy ýaş nesillere bildirilýän uly ynamdan, olar hakda edilýän aladadan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýaşlar kanunçylygynyň döwrebap ösdürilýändiginden habar berýär.
Biziň hünär başarnyklarymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şamuhammet BEKDURDYÝEW,
Ahal welaýat kazyýetiniň kazynyň kömekçisi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.