Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gorap saklamak üçin möhüm şertler döredilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär.

Gözelligiň we nepisligiň çeper beýany bolan türkmen el halylary biziň milli buýsanjymyzdyr. Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen halkynyň taryhyna zynat berýän milli gymmatlyklarymyz mukaddeslik derejesinde sarpalanýar. Türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli halyçylyk sungatymyz hem bu gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen naýbaşy mirasdyr.

Gadymy milli sungatymyzyň dünýä nusgalyk däpleriniň giňden wagyz edilmeginde we geljekki nesillere ýetirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň goşandy çäksizdir. Hormatly Arkadagymyzyň döwet-galamyndan çykan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplary dünýä okyjylary üçin gymmatly çeşme boldy. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu eserler türkmen el halylarynyň syrly gözelligini we mähriban halkymyzyň medeniýete bolan çäksiz söýgüsini bütin äleme açyp görkezdi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Haly — ata-babalarymyzyň ruhy ahwalyndan, belent ylmy aň-düşünjesinden we pelsepewi garaýyşlaryndan kemala gelen gymmatly genji-hazynadyr. Ol öýlerimiziň, toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň we jebisliginiň hem milli nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halyçylarymyzy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Gülşat GURBANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.