Adamyň özüni ösdürmek islegi, köplenç, güýç ýetmezçiligi sebäpli kyn ýaly görünýär. Has gowy adam bolmak üçin diňe daşarky höwes däl-de, durmuşa bolan garaýşy üýtgetmek möhümdir.

1. Öz durmuşyň üçin jogapkärçiligi kabul et!
Hemme zatda özüň günäkärlemek däl, eýsem, «Häzirki ýagdaýymy gowulandyrmak üçin men näme edip bilerin?» diýen soragy bermek möhümdir.

2. Diňe bagt däl, many gözle!
Durmuşda hemişe şat we güýçli bolmak mümkin däl. Emma maşgala, iş, okuw, ýakyn adamlara kömek etmek ýaly manyly işler adama içki güýç berýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

3. Özüňe ideg et!
Ýeterlik uklamak, dogry iýmitlenmek, hereket etmek, dynç almak we öz çäkleriňi goramak egoizm däl, eýsem, uzak wagtlap başgalara peýdaly bolmak üçin zerur zatdyr.

4. Özüňi başgalar bilen däl, öňki ýagdaýyň bilen deňeşdir!
Sosial ulgamlarda adamlaryň diňe gowy pursatlary görünýär. Esasy ösüş — düýnki özüňden biraz öňe gitmekdir.

5. Gahar-gazaby we öýke-kine saklap ýöreme!
Geçmişdäki agyrylary uzak wagt götermek adamyň häzirki durmuşdaky güýjüni azaldýar. Bagyşlamak edilen zady dogry hasaplamak däl, diňe şol wakanyň seniň häzirki durmuşyňa höküm etmegine ýol bermezlikdir.

Görýäňizmi, has gowy adam bolmak üçin güýç öz-özünden gelmeýär, ol hereket edip başlanyňdan soň ýüze çykýar. Kiçi ädimler: bir işi tamamlamak, bir endigi gowulandyrmak, bir meselä jogapkärçilik almak — wagtyň geçmegi bilen uly üýtgeşmä getirýär.

«THE ASHGABAT TIMES».