Ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilýän halkara duşuşyklar halklaryň arasynda ynanyşmak, tejribe alyşmak we parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak üçin oňyn mümkinçilik döredýär. Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Kaşgadarýa welaýatynda geçirilen «Ýaşlar — geljegi gurujylar!» atly V Halkara ekologiýa gurultaýy şeýle ýokary ähmiýetli forumlaryň birine öwrüldi. Bu foruma Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
Forumyň maksatnamasy ýaşlaryň arasynda bilim we tejribe alyşmaga, ekologiýa ugurly başlangyçlary goldamaga, medeni gatnaşyklary ösdürmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Oňa Türkmenistan bilen birlikde, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy ýaly döwletleriň wekilleri, şeýle hem Özbegistanyň dürli sebitlerinden gelen ýaşlar gatnaşdylar.

Halkara ekologiýa gurultaýy halklaryň arasyndaky dostlugy we özara hormaty ösdürýän möhüm halkara meýdança öwrüldi. Forumyň dowamynda geçirilen okuw duşuşyklary, pikir alyşmalar, döredijilik we sport çäreleri ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitdi. Gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak, jemgyýetçilik başlangyçlary, ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak ýaly möhüm ugurlarda öz garaýyşlaryny paýlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäde ekologiýa meseleleri, parahatçylygy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ugurlar ähli ýurtlaryň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Şonuň üçin hem şeýle halkara forumlar dürli döwletleriň ýaşlaryny umumy maksatlaryň daşynda birleşdirýän möhüm platforma bolup hyzmat edýär. Şunda biz forumyň çäklerinde geçirilen dürli çärelerde döredijilik ukybymyzy, bilim derejämizi we jemgyýetçilik işjeňligimizi görkezmäge mümkinçilik aldyk. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde dürli duşuşyklara gatnaşyp, çykyş edip, daşary ýurtly wekiller bilen söhbetdeş bolmak biziň üçin möhüm tejribe boldy.
Halkara ekologiýa gurultaýynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara, şeýle hem ýokary işjeňlik görkezen ýaşlara degişli diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şunda türkmen wekiliýetiniň hem sylaglanylmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.