Halkymyz «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi maslahatlaşyp, geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem-de parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezejek, kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler.
Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolandygyny buýsançly bellemek gerek. Bu mejlisde Gahryman Arkadagymyz taryhy mazmunly çykyş edip, öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi, halkymyzyň agzybirligini we döwletimiziň ösüş kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Mejlisde şanly senä we möhüm taryhy waka ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýär. Onuň işine jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň giňden çekilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäre ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň, döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini nobatdaky gezek aýan eder. Halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.