Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň jebisligini, agzybirligini we döwlet ösüşiniň möhüm ugurlaryny kesgitleýän giň gerimli jemgyýetçilik çäresi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Şunda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem degişli işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda institutda bu möhüm çärä taýýarlyk görmek maksady bilen düşündiriş işleri, maslahatlar, duşuşyklar we wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli guralýar. Bu ugurda mugallymlar, talyplar we işgärler tarapyndan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu çäräniň ähmiýetini giňden düşündirmek, taýýarlyk işlerini kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler geçirilýär.
Mugallymlar tarapyndan geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, onuň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ösüşindäki orny barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Şeýle hem ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we milli gymmatlyklara hormat goýmak ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler güýçlendirilýär. Umumymilli forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek, degişli ugurlar boýunça işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak ýaly meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirilýär.
Biz ― Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary öz öňlerimizde goýlan jogapkärli wezipelere düşünip, bilim-terbiýeçilik işleriniň üsti bilen jemgyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşmagy, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegi esasy maksat edinýäris. Halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Döwran BEGLIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň mugallymy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.