Türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüş ýolunda halkyň agzybirligi, jebisligi we döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde işjeň gatnaşmagy aýratyn orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklaryň, giň jemgyýetçilik pikiriniň we milli bähbitleriň utgaşýan möhüm meýdançasydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar.
«Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen parasatly sözler halk durmuşynda giňden orun alypdyr. Şu jähetden, Halk Maslahaty türkmen halkynyň asylly däplerine daýanýan, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan gurluşdyr. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän maslahatlaşmak, agzybirlikde çözgüt kabul etmek ýörelgeleri häzirki döwürde döwrebap görnüşde dowam etdirilýär. Şol sebäpli hem Halk Maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk işleri halkyň dürli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen utgaşýar.
Umumymilli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.
Watanymyzyň beýik ösüş-özgertmeleriniň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleridir. Nobatdaky taryhy forumyň Garaşsyzlyk toýunyň bosagasynda geçirilmegi bolsa toý şatlygymyza şatlyk goşýar. Goý, berkarar Watanymyzy ösüşleriň bedew bady bilen barha öňe alyp barýan, ulus-ilimizi eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynda rowaçlyklar hemişe ýaran bolsun!
Adalat HUSAINOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň hünärmeni.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.