Täze taryhy döwrümizde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahaty syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn ähmiýetli orun eýeleýär. Bu gadymy türkmen demokratiýasynyň ýörelgelerini häzirki döwrüň talaplary bilen utgaşdyrýan, halkyň arzuw-isleglerini döwlet ähmiýetli çözgütlerde beýan edýän möhüm meýdançadyr.

Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiziň taryhy çykyşy döwletimiziň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitleýän, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çykyş hökmünde uly ähmiýete eýe boldy.

Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Şeýlelikde, Halk Maslahaty türkmen halkynyň jebisliginiň, döwletlilik ýörelgeleriniň we beýik geljege bolan ynamynyň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary bilen kemala gelen bu ýol ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde täze belentliklere ýetmegine, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine hyzmat edýär.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.