Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek diňe bir halkymyzyň asylly milli däpleriniň biri bolman, eýsem, demokratik ýörelgelerimiziň hem düýp mazmunydyr. Şu jähetden alanyňda, asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras hökmünde sarpalanýan bu milli ýörelgäniň nusgasyny özünde jemleýän, görüm-göreldäniň mekdebi bolup durýan Halk Maslahaty halkyň köňül telwasyna gulak goýmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň aýdyň mysalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşygy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ― 23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi milli demokratiýanyň ýörelgeleriniň ulgamlaýyn durmuşa geçirilýändigini subut edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz demokratik özgerişler ýoly bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Şu jähetden, jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmekde taryhy ähmiýetli orna eýe bolan bu ählihalk forumynyň gün tertibine girizilýän wezipeler hem mähriban ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýär. Täze eýýamymyzyň döredijilik ruhunda amala aşyrylýan beýik işler, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi, sebitlerde gazanylýan zähmet üstünlikleri bolsa Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän kararlarda, çözgütlerde öz beýany tapýar.
Beýik tutumly işleriň, asylly ýörelgeleriň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda geçiriljek ählihalk forumy döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň, agzybirligiň we jebisligiň nobatdaky nusgasyna öwrüler. Goý, milli demokratik ýörelgelerimizi bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Toýlynyýaz ŞIRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.