Parasatly pederlerimiz: «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly aýtgylary döredip, her bir işde il-halka geňeşipdirler. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ählihalk forumyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi garaşsyz ösüş döwründe edilen işleriň jemini jemlemek, öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy platformadyr. Onuň esasyny halkymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi, şeýle hem häzirki zaman demokratik-hukuk gymmatlyklary düzýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, bilim almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Goý, mundan beýläk-de halkyň bähbidine, döwletimiziň ösüşine, il-günümiziň asuda, bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen özgertmeler rowaçlyklara beslensin! Bize şeýle ajaýyp zamanany, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Maýa DERÝAGULYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.