Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary täze öwüşginlere eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde päkligiň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň we jebisligiň toýy hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolan mukaddes Gurban baýramy uly şatlyk-şowhun bilen bellenildi.
Halkymyzda Gurban baýramy Beýik Biribara söýginiň, myhmansöýerligiň, hödür-keremiň, birek-birege hormat goýmagyň mizemez dessurlary bilen sazlaşyp, nesilden-nesle geçip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň Gurban baýramyny bellemek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ildeşlerimiz bu mübärek baýram günlerinde gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy berjaý edip, gurbanlyk sadakalaryny bererler. Baýram günlerinde bereketli desterhanlar ýazylyp, agzybirligi, halallygy, raýdaşlygy ündew edýän söhbetler, ýagşy doga-dilegler ediler.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, şu sahawatly günlerde ildeşlerimiziň uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iberildi. Şunuň bilen baglylykda, keramatly Mekge-Medinä haj zyýaratyny amala aşyrýan watandaşlarymyz hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly hajy Serdarymyzyň beýik işleriniň rowaç bolmagyny, halkymyzyň we tutuş adamzadyň parahat ýaşaýşyny dileg edip, toý sadakasyny berýärler.
Gurban baýramy günlerinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, beren sadakalaryňyz, okan aýat-töwirleriňiz, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň, adamzadyň asuda we parahat durmuşynyň hatyrasyna eden doga-dilegleriňiz keremli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, eziz ildeşler! Milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy ýol-ýörelgelerimiziň has-da rowaçlanmagyna giň ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!
Allanur ORAZNEPESOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň Okuw bölüminiň mugallymy, polisiýanyň leytenanty.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.