Bu maglumatlar Awstraliýanyň eSafety Komissiýasyna berlen kompaniýanyň hasabatynda görkezilýär.

2023-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň fewralyna çenli Google terrorçylyk we ekstremizm bilen baglanyşykly mazmun döredilmeginiň 258 ýagdaýyny, şeýle hem çagalary ulanmak bilen baglanyşykly materiallaryň 86 ýagdaýyny bellige aldy.

Kompaniýa, hash-match usulyny ulanmak arkaly soňky görnüşdäki mazmun bilen berk göreşýändigini, ony derrew aýyrýandygyny, ýöne ekstremistik dipfeikler bilen göreşmek üçin heniz mehanizmleri ulanmaýandygyny aýtdy.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Awstraliýa komissiýasy Google-nyň aç-açanlygyny ýokary derejede bahalandyryp, hasabaty "dünýäde tapawutly" diýip atlandyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, beýleki kompaniýalar sanksiýalara sezewar boldular: X we Telegram zyýanly mazmun bilen göreşmekde ýeterlik çäreleri görmezlikde jerime tölediler.