Fewral aýynyň ortalarynda OpenAI teksti wideo öwürmek üçin emeli intellekt esasly Sora atly täze nerw ulgamyny hödürledi. Golaýda Golliwudyň režissýorlary Soranyň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.
“OpenAI”-iň tehniki müdiri “Bloomberg” žurnalistlerine kompaniýanyň emeli intellektini kino pudagyna kem-kemden ornaşdyrmak üçin oýlanyşykly strategiýasynyň bardygyny aýtdy. Täjirçilik filmlerinde ulanylmagy häzirki wagtda iş ýitirilmegine sebäp boljak gorkular arasynda partlaýjy tema ýaly bolup görünýär.
Şeýle-de bolsa, käbir režissýorlar täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalandylar. Mysal üçin, Taýler Perri “True Detektive”-iň soňky möwsüminde we “Late Night with the Devil” atly gorkunç filmde emeli intellektde döredilen şekilleri ulandy.
Golliwudyň aktýorlary işini ýitirip bilerler: režissýorlar Sora wideo generatory bilen gyzyklanýar



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.