Adamzat ýer togalygynda peýda  bolany  bäri ähli  meŷdan-çäklerde zähmet bölünişigi  bar  diýsek  ýalňyş  bolmasa  gerek.  Bu  taglymatyň döreýşiniñ,  emele  gelşiniñ  köp  sebäpleri  bar.  Geografiki zähmet  bölünişigi  tebigy  şertlere,  taryhy  ýagdaýlara,  ilatyň sowatlylyk derejesine, başarnyklaryna, zähmet endiklerine we başga-da birnäçe sebäplere bagly. Her bir maşgaladan başlap dünýäniň  ähli  döwletlerine  mahsus  taglymat  hasaplanýar. Geografiki  zähmet  bölünişigi  aýratyn  alynan  maşgala,  oba, şäherçä,  şähere,  etraba,  welaýata,  döwlete  we  döwletler toplumyna häsiýetli.

Bazar  ykdysayýetine  geçiş  döwründe  islendik döwletiň we şol sanda Türkmenistanyň milli hojalygyna dünýä ykdysadyýeti  öz  täsirini  ýetirýär.  Milli  ykdysadyýetlere garanda  dünýä  hojalygynyň  hem  özboluşly  meseleleri  bar. Ýerlerdäki,  döwletlerdäki,  sebitlerdäki  geografiki  zähmet bölünişigi dünýä hojalygynyň zähmet bölünişiginiň özeni bolup durýar.

Häzirki zaman şertlerinde halkara zähmet bölünişigi döwletleriň çägindäki zähmet bölünişigine öz täsirini ýetirýär. Halkara zähmet bölünişiginiň esasynda ykdysadyýet halkara we bütindünýä häsiýete eýe bolýar. Oňa esasan 2 topar şertler täsir edýär:  halkara  hyzmatdaşlyk  (milli  hojalygyň  ýakynlaşmagy sebäpli) we döwletara önümçilik toplumynyň döredilmegi bilen döwletara   guramalary   emele   gelýärler.   Döwletara korporasiýalar  dürli  döwletlerdäki  milli  hojalyklary  diňe  bir geografiki  görkezijileri  boýunça  däl-de,  eýsem  has  çuňňur ýöriteleşmegi  we  önümçiligiň  jebisleşen  özara  baglanşygy (kooperasiýasy)  esasynda  birleşdirilýär. Geografiki  zähmet bölünşigi esasynda dünýäniň döwletleriniň arasynda haryt alyş-çalyş, satuw işleri amala aşyrylýar we bütindünýä hojalygynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistan Altyn Asyryň ―Galkynyşlar we  özgertmeler  zamanasynda  dünýäniň  ösen  döwletleriniň hataryna goşulmak üçin onuň zähmetkeş raýatlary jan edýärler. Önümçilik kärhanalary, döwletler öz öndürýän önümlerini diňe bir  özleri  üçin  däl,  eýsem  goňşydöwletler  üçin  hem öndürýärler.  Türkmenistan  hem  şu  önümçilik  baglanyşygyna girýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Babamurat BALTAÝEW
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby