Hormatly Prezidentimiz 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dabaraly ýagdaýda geçirilmelidigini, onuň guramaçylyk derejesiniň örän ýokary bolmalydygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň naýbaşy toýunyň bosagasynda geçirilmegi däbe öwrülen umumymilli forumyň şanly ýylymyzda hem uly taryhy wakalaryň biri boljakdygynyň aýdyň güwäsidir.

Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde başy başlanjak işleriň, döwletli tutumlaryň jemgyýetiň wekilleri bilen geňeş edilmegi, olara sala salynmagy «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilýän umumymilli forum asylly ýörelgelerimizi we milli demokratiýany dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik gurluşynda taryhy we möhüm orun eýeleýär. Ol ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny, ykdysady, durmuş we medeni ösüş maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakda halkymyz bilen döwletiň arasynda ygtybarly köpri bolup durýar. Çünki ol halkyň arzuw-isleglerini, döwlet bähbitlerini, milli gymmatlyklary birleşdirýär. Onuň mejlislerinde Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýän taryhy çözgütler kabul edilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz taryhy we syýasy taýdan uly ösüşleri başdan geçirýär. Diýarymyzyň sebitlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde beýik özgertmeler amala aşyrylýar, Watanymyzyň Ýer ýüzündäki halkara abraýy barha artýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna gabatlanyp geçiriljek nobatdaky forum bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüler.

Şemşat HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Garabekewül etrap komitetiniň buhgalteri.