Taryh ylmy — halkyň ruhy sütünidir. Mekdep partasyndan başlap taryhy öwrenmek, okuwçynyň öz köklerine bolan söýgüsini oýarmak we döwletlilik ýörelgelerini aňyna guýmak diýmekdir.

Mekdepde taryh dersi diňe bir seneleri ýat tutmak däl, eýsem, geçmişiň sapaklaryndan netije çykarmakdyr. Bu ders okuwçylara watanperwerlik duýgusyny bagyşlap, Oguz han türkmen, Alp Arslan, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň durmuşy ýaşlarda merdanalyk we Watana wepalylyk häsiýetlerini kemala getirýär. Halkymyzyň döreden medeni mirasyny, edebiýatyny we däp-dessurlaryny öwrenmek arkaly okuwçylar özleriniň beýik nesiliň dowamatydygyna göz ýetirýär.

Biziň ýurdumyz «Ösen siwilizasiýasynyň ojagy» diýlip atlandyrylýar. Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärlikler dünýä taryhynyň altyn sahypalarydyr. Ýöne taryh diňe gadymylyk bilen çäklenmeýär. Häzirki zaman taryhymyz biziň iň uly baýlygymyzdyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä diplomatiýasynda uly mekdepdir. «Akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy, täze taryhy açyşlar we halkara başlangyçlar — bular biziň gözümiziň öňünde ýazylýan täze taryhdyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Mugallym hökmünde meniň wezipäm — her bir okuwçynyň ýüreginde öz Watanyna, onuň şöhratly geçmişine we şu günki beýik ösüşlerine bolan buýsanjy oýarmakdyr. Biz taryhy öwrenmek bilen, agzybirligiň we parahatçylygyň nähili gymmatlydygyna has aýdyň düşünýäris. Çünki halkyň taryhy — onuň ruhudyr. Ruhy belent halkyň bolsa geljegi elmydama ýagtydyr.

Seýitkuly IŞANOW,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.