Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde şu ýylyň 4–9-njy noýabry aralygynda milli sport görnüşimiz bolan göreş boýunça ulular arasynda XV dünýä çempionaty geçiriler.
Astana şäherinde ilkinji gezek geçiriljek dünýä çempionaty dünýäniň dürli ýurtlaryndan iň güýçli göreşçileri, tälimçileri, eminleri, milli federasiýalaryň ýolbaşçylaryny hem-de sport hünärmenlerini bir ýere jemlär.
Dünýä çempionatynyň çäklerinde Halkara göreş assosiasiýasynyň dolandyryş komitetiniň mejlisi we XXII nobatdaky kongresi hem geçiriler. Şeýle-de çäreleriň maksatnamasyna «IKA»-nyň antidoping, eminlik we tälimçilik boýunça okuw seminarlary, şeýle hem halkara eminlik synaglary girizildi. Dünýä çempionaty türgenlere «WSP» reýtingi üçin möhüm utuklary gazanmaga mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda çempionata gatnaşjak türgenleri we wekilleri hasaba almak işleri Halkara göreş assosiasiýasynyň degişli ulgamlary arkaly dowam edýär. XV dünýä göreş çempionaty halkara göreş jemgyýetçiligi üçin möhüm sport wakalarynyň biri bolup, bu ugurda döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy ösdürmäge ýardam eder.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.