Reuters-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda Gazagystan 507,2 müň tonna suwuklandyrylan uglerod-wodorod gazyny (SUG) eksport etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 89,4 müň tonna ýa-da 15% azdyr.

Eksportyň azalmagyna diňe bazar şertleri däl, eýsem administratiw çäreler hem sebäp boldy: oktýabr aýynda Gazagystanyň hökümeti suwuklandyrylan nebit gazynyň awtoulag we demir ýol arkaly eksportyna goýlan gadaganlygy ýene-de 6 aý uzaltdy.

Kontekst:

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy
  • Gazagystan Merkezi Aziýada SUG öndürýän esasy ýurtlaryň biridir.
  • Eksporta girizilen çäklendirme içerki bazary üpjün etmek we bahalary durnuklaşdyrmak maksadyny göz öňünde tutýar.
  • Şeýle ýagdaý goňşy ýurtlaryň energetika balansyna täsir edip biler.