Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan barlygy, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygy döwletimiziň ösüş ýolunyň esasy sütüni bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Täze şäherleriň, döwrebap önümçilik kärhanalarynyň, bilim we medeniýet merkezleriniň gurulmagy ýurdumyzyň ösüşiniň aýdyň mysallarydyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrýar. Bu şygar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň mazmunyny, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan çuň hormatyny we geljege gönükdirilen maksatlaryny özünde jemleýär.
Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň, dostlugyň we döredijiligiň ýoly bilen täze üstünliklere tarap ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek bilen, häzirki wagtda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şu ýylymyzyň şöhratly taryhyny baýlaşdyrýan halkara diplomatik gatnaşyklaryň, halkara wakalaryň ählisi, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alýar.
Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem dabaraly ýagdaýda geçiriler. Şoňa görä-de, bu umumymilli forumyň syýasy-taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça işler barha giň gerime eýe bolýar. Ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Humaý GULGELDIÝEWA,
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmeni.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.