Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda her bir toý-baýram, şanly sene uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy barha golaýlaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň depginini çaltlandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzyň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Halkymyzyň agzybirliginden, jebisliginden, zähmetsöýerliginden at-abraýy belende göterilýän ata Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Her bir güni şanly wakalara beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen dabaralanýan ýylymyz göňüllerde ganat, ýüreklerde buýsanç döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy toýlanylýan şu ýylyň şygary döredijilikli zähmet çekip, öndürijilikli işleýän halkymyzy täze üstünliklere, beýik maksatlara ruhlandyrýar. Şu ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler, beýik ösüşler sanardan juda kändir. Munuň özi Berkarar döwletin täze eýýamynyň Galkynyşy döwrünüň beýik ösüşler bilen dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bagtyýar ildeşlerimiz her bir güni mähir-muhabbet, ýagşy arzuw-niýetler bilen garşy alýar. Çünki bedew batly ösüşleriň mekanyna öwrülen eziz Watanymyzda ýagşy arzuwlar, maksatlar bilen başlanan her bir iş üstünliklere beslenýär. Eziz Diýarymyzy has-da gülledip ösdürmäge, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýynyň bundan beýläk hem dünýä ýaýylmagyna mynasyp goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Şeýle beýik işleriň başynda duran Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, ähli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Toýlynyýaz ŞIRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.