Döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşler bilen dünýä giňişliginde öz mynasyp ornuny eýeledi. Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan uly zähmet ýeňişleri we üstünlikler ýurdumyzyň durnukly ösüşine kuwwatly itergi berýär. Bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, senagatda we oba hojalygynda, gurluşyk we ýangyç-energetika pudagynda her bir gazanylýan ösüşleriň aňyrsynda agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmetini, taryhyna, Watanyna bolan söýgüsini görmek bolýar.

Ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan ägirt uly özgertmeler bolup geçýär. Ösüşleriň we özgerişleriň gözbaşynda durýan mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy döredijilikli işlemäge, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri mundan 35 ýyl öň saýlanyp alnan garaşsyz ösüş ýolunyň we onuň esasy ugurlarynyň dogrudygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Taryhy taýdan örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabadyň, Watanymyzyň beýleki şäherleriniň hem-de ilatly ýerleriniň keşbi düýpli özgerdi, täze obalar guruldy, paýtagtymyzda we sebitlerde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlaryny, medeni-durmuş, önümçilik we beýleki maksatly desgalary, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik-tehniki ulgamlary, şeýle hem abadanlaşdyrylan seýilgähleri, meýdançalary öz içine alýan döwrebap infrastruktura emele getirildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döredilen we meýdanlary yzygiderli giňeldilýän ýaşyl zolaklar hem-de adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamaga ýardam edýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Häzirki wagtda esasy üns milli ykdysadyýetimize innowasiýalary çekmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga, senagatlaşdyrmaga we sanly ulgamy ornaşdyrmaga, şeýle hem işewürlik we maýa goýum işjeňligini artdyrmaga, importyň ornuny tutýan önümçilikleri höweslendirmäge hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilýär. Şunda döwletiň bähbitleri jemgyýetiň bähbitleri bilen gönüden-göni utgaşdyrylýar. Durnukly ykdysady ösüş möhüm durmuş we ekologiýa wezipelerini üstünlikli çözmek üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär. Halkyň abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn we pudaklaýyn maksatnamalarda hem-de strategiýalarda aýdyň beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň giň gerimli üstünlikleri, dünýä giňişliginde barha artýan abraýy ildeşlerimizde mähriban Watanymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny döredip, döredijilikli, agzybir zähmete ruhlandyrýar hem-de täze güýç berýär. Täze taryhy eýýamda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny garşylamaga taýýarlanýan Türkmenistan köpugurly tejribä we gazanylan üstünliklere daýanyp, parahatçylyk, abadançylyk hem-de ösüş ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.

Merdan KAKAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty.