«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de sebitleýin we ählumumy derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny anyk işler arkaly tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän öňdengörüjilikli strategiýa laýyklykda, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär. Bu ugur ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki işjeň we döredijilikli ornunyň tebigy dowamy bolup çykyş edýär.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly möhüm wakalara baý boldy. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm Kararnamalar kabul edildi. Şolaryň arasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026–2035-nji ýyllar)” hem-de “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly resminamalar aýratyn ähmiýete eýedir. Bu başlangyçlaryň onlarça döwlet tarapyndan goldanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Kabul edilen Kararnamalar halkara ulag we energetika ulgamynda täze hyzmatdaşlyk arhitekturasyny döretmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär.

Türkmenistanyň halkara hukugy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek teklip edildi. Bu başlangyç halkara gatnaşyklarda hukugyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, BMG-niň konwensiýalarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilendir. Şu maksat bilen degişli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda hukuk bilimini ösdürmek, ylmy-barlag işlerini höweslendirmek hem-de jemgyýetçiligi giňden habarly etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Türkmenistanyň sebitleýin başlangyçlary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk edýär we sebitiň jebisligini, ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de maýa goýum çekijiligini artdyrmaga gönükdirilen çäreleri öňe sürýär. Şeýle hem Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edip, döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan degişli Konsepsiýany durmuşa geçirýär.

2026-njy ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe möhüm wakalara baý bolar. Bu wakalar Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrar, sebitde we ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşar.

Tyllagül GYLLYÝEWA

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby