Biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişler getirýär. Bagta beslenýän aý-günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň taryhynda täze sahypalary açyp, ýurdumyzy ynamly gadamlar bilen belent maksatlara tarap alyp barýar. Şoňa görä-de, şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik taýdan ýokary ähmiýete eýedir.
Her ýylyň döwrebap atlandyrylyp, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy halkymyzyň agzybirligini, ruhy bitewüligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrüldi. 2026-njy ýylymyzyň şygary hem döwletimiziň gazanan beýik üstünlikleriniň, ösüş depginleriniň aýdyň beýanydyr. Biz bu ýylda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny ýokary ruhubelentlikde garşy alýarys. Ýylyň şygary mukaddes Garaşsyzlygyň hem-de hemişelik Bitaraplygyň döwletimiziň ösüş ýolundaky esasy binýatdygyny, bedew bady bilen öňe barýandygyny çuňňur filosofiki many bilen açyp görkezýär.
Häzirki döwürde bedew batly ösüşler ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görünýär. Şunda şanly ýylymyzyň şygarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň goşa mukaddeslik hökmünde şöhlelenmegi çuňňur mazmuna eýedir. Berkarar döwletimiziň ösüş depgini hut şu goşa mukaddeslikden gözbaş alyp, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepiline öwrülýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk biziň döwletliligimiziň goşa ganatydyr».
Garaşsyzlyk döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhratydyr. Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda ylym-bilimde, oba hojalygynda, söwdada, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ak mermere beslenýän Aşgabadyň, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň we beýleki şäherlerdir obalaryň nurana keşbini synlan her bir adam Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyzyň bir supranyň başyna jem bolup, bir döwlete gulluk edende beýik işleri amala aşyrmaga ukyplydygyna aýdyň göz ýetirýär.
Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak bolsun!
Rahat MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.