Gahryman Arkadagymyzyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýaýbaňlandyran giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ägirt uly ösüşler gazanylýar. Şunda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygyny bellemek ýakymly. Ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileriniň yhlasly zähmeti bilen Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak ak bugdaý hasylynyň tabşyrylmagy oba hojalyk pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.
Şu günler güneşli Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan bugdaý hasylynyň mukdary yzygiderli artýar. Möwsüme degişli ähli düzümleriň utgaşykly işi gallaçy kärendeçileriň öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine bolan ynamy pugtalandyrýar.
Ýurdumyzyň gallaçy kärendeçilerine döwlet tarapyndan ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegi, häzirki zamanyň kuwwatly tehnikalarynyň netijeli işledilmegi daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda, ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün edýär. Bu bolsa Watan harmanynyň barha beýgelmegi üçin zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda daýhanlaryň bol hasyl ýetişdirmekleri we ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, daýhanlaryň mineral dökünler, ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi, şeýle hem tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi kärendeçileri uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary we beýleki ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edýär. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi. Degişli düzümleriň sazlaşykly zähmeti netijesinde galla harmanyny has-da beýgeltmek boýunça gallaçylaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady bolar.
Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.