Magtymgulynyň golýazmalarynyň arasyndaky 1123­nji bukjada saklanýan diwan aýratyn durlup geçilmäge mynasyp. Bu diwany 1946­njy ýylyň başynda Gylyç Mülliýew golýazma ha­zynasyna tabşyrypdyr. Şondan biraz wagt geçensoň, has takygy, 1961­nji ýylda dilçi alym Z.B.Muhammedowa «Народы Азии и Африки» žurnalynda «К текстологии Махтумкули (о стихах Махтумкули по «рукописи Кылыча Мюллиева») atly makala bilen çykyş edip, onda Gylyç Mülliýewiň tabşyran golýaz­masyndaky goşgularyň Magtymgula degişlidigine şübhelenýär. Eýsem alymyň şübhelenmesi nämäniň esasynda döräpdir. Onuň tutaryklarynyň biri bu bukjadaky şygyrlaryň şahyryň onlarça di­wanlarynyň hiç birinde gabat gelmezligi. Biz bu baradaky gür­rüňi biraz yza goýup, alymyň beýleki tutaryklaryna ýüzleneliň. Z.Muhammedowa bukjadaky şygyrlary temalary boýunça 3­e bölüp, olaryň 1­nji toparyna watandan aýralyk, ýesirlik, namart­lary ýazgarmak; 2­nji toparyna söýgi; 3­nji toparyna gelin­gyzlaryň kemsidilmegi, garyp­gasarlaryň mertebesiniň göterilip, din wekilleriniň abraýynyň pese düşmegi bilen baglanyşykly şygyrlary degişli edýär. Soňra bolsa şahyryň «Tuta başlady» atly şygryndan:

Gudratyndan düşdi pirler, işanlar,
Çäresiz, azarly galdy bu janlar,
Molla boldy her öňýeten nadanlar,
Igi, guly hoja çata başlady –

diýen bendi, «Azara belli» atly goşgusyndan:

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Aýlanyp gerdişler, öter bu günler,
Janda ne kuwwat bar, titreşer tenler,
Ýat boldy Gurhanlar, galypdyr dinler –

diýen setirleri, «Gözel ýarym görünmez» atly goşgusyndan:

Azanlar kesilip, metjit ýapylyp,
Hakdan özge bir azarym görünmez –

diýen setirleri mysal getirýär. Soňra alym getiren mysallary­na esaslanyp, şeýle netije çykarýar: «Когда же до 1917 г. было столь сильным атеистическое движение? Напрашивается предположение, что эти стихи следует отнести к началу советского периода».

Çynar GURBANKULYÝEWA
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby