Türkmenistanda elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ula­ny­ly­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün et­mek, tyg­şyt­ly ulan­mak, pu­da­ga döw­re­bap do­lan­dy­ryş usul­la­ry­ny gi­riz­mek, eko­lo­gi­ýa­ny go­rap sak­la­mak hem-de ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni ulan­mak bi­len ýur­du­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek ug­run­da uly iş­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.  

Pu­da­gy ös­dür­mä­ge ägirt uly ma­ýa go­ýum­la­ryň gö­nük­di­ril­me­gi bi­len, soň­ky ýyl­lar­da ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty ep-es­li art­dy. Mu­nuň özi di­ňe bir ýur­du­my­zyň içer­ki is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga däl, eý­sem, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port edil­ýän möç­be­ri­ni hem ýyl­sa­ýyn art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Türk­me­nis­tan­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň de­giş­li Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de dün­ýä­niň meş­hur önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan hä­zir­ki za­man gaz tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­la­ry, ýo­ka­ry wolt­ly elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar, paý­laý­jy elekt­rik be­ket­ler bi­na edil­di we işe gi­ri­zil­di. Paý­tag­ty­my­zyň, beý­le­ki şä­her­le­riň, ilat­ly ýer­le­riň ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry tä­ze­len­di. 

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Soň­ky ýyl­lar­da ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň ep-es­li art­ma­gy di­ňe bir ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka ga­raş­syz­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­mek ba­bat­da däl, eý­sem, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, il­kin­ji no­bat­da, goň­şy döw­let­le­re eks­port et­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem düýp­li gi­ňeld­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak we düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak, bu pu­dak üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça mak­sa­da gö­nük­di­ri­len iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu iş­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, onuň dur­nuk­ly ösü­şi­ni, ýur­du­myz­da se­na­gat­laş­dyr­ma­gy çalt­lan­dyr­ma­gy, se­bit­le­riň ok­gun­ly ösü­şi­ni, ata Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ener­go­ul­ga­my­na saz­la­şyk­ly bir­leş­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Akmyrat ROZYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy