Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy ýurduň daşary syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup, onuň ykdysady ösüşinde, halkara abraýynyň ýokarlanmagynda hem-de sebit we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygynyň giňemeginde uly orun eýeleýär. Tebigy baýlyklara, aýratyn-da, uglewodorod serişdelerine baý bolan Türkmenistan bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, energetika diplomatiýasyny işjeň alyp barýar.

Tebigy gazyň gorlary boýunça ýurdumyz öňdäki orunlary eýeleýär. «Galkynyş» gaz käni dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň hatarynda tanalýar. Şeýle tebigy baýlyklar Türkmenistanyň halkara energetika bazarlarynda möhüm hyzmatdaş hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik döredýär. Türkmenistan energiýa serişdelerini eksport etmek arkaly dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýurt öz tebigy gazyny dürli ugurlar boýunça dünýä bazaryna çykarmagy maksat edinip, bu babatda ençeme işleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň energetika taslamasynyň iň irileriniň biri hökmünde Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi dünýä ýüzünde tanalýar. Oňa «asyryň taslamasy» diýlip at berilmegi hem ýöne ýerden däl.

Häzirki wagtda gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan Türkmenistan  – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi hem dünýäde uly taslamalaryň biri bolmagynda galyp, onuň işi türkmen hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ady agzalan taslamalar diňe bir ykdysady tarapdan peýda getirmän, eýsem sebitde durnuklylygy we hyzmatdaşlygy hem berkitmäge ýardam edýär. Türkmen gazynyň goňşy döwletlere, diňe bir goňşy döwletler bilen çäklenmän, eýsem, alyslardaky doganlyk ýurtlarymyza-da hyzmat etmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Türkmenistan halkara derejesinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Eziz Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda «Energiýanyň ygtybarly we durnukly üpjünçiligi» meselesini birnäçe gezek dünýä gün tertibine çykardy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe işler ýerine ýetirildi. Bu bolsa ýurduň energetika diplomatiýasynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Annanabat ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.